Ilon Maskyň «xAI» kompaniýasy ulanyjylaryň dürli soraglaryna jogap bermäge ukyply «Grok» atly çat-botuny hödürledi. Degişmäni halamaýanlar AI-kömekçini ulanmasa has gowy bolar diýip, hünärmenler belläp geçýär. Ilon Mask çat-botunyň hemişe dogruçyl we gönümel jogap berýän iň düýpli çat-bot boljakdygyna ynanýar.
Häzirki wagtda «Grok»-yň beta-wersiýasyna «xAI»-iň resmi web sahypasynda hasaba alynmak arkaly girip bolar. Ol «X» sosial ulgamy bilen çuňňur birleşer. Çat-botuň köpçülige haçan elýeterli boljakdygy bolsa heniz belli däl.
Meşhur ChatGPT-den tapawutlylykda, milliarderiň neýroulgamy çylşyrymly mowzuklardan sowlup geçmeýär we hatda degişmä salyp adama henek hem atyp bilýär.
Yhlas BAKYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.