Bu ýyl «Miss World» bäsleşigi 72-nji gezek geçirildi. Taryhda ilkinji gezek Pakistanyň wekiliniň, şeýle hem goşmaça ölçegli modeliň täç ugrunda bäsleşmegine rugsat berlendigi bellärliklidir. 1957-nji ýylda ilkinji gezek durmuşa çykan gyzlar hem-de eneler bu bäsleşige gatnaşypdy.
«Älem gözeli – 2023» adyna Nikaraguanyň wekili Şeýnis Alondra Palasios Korneho mynasyp bolmagy başardy. Ilkinji üçlüge, Awstraliýanyň wekili Moraýýa Uilson we Tailanddan Anntoniýa Porsild hem girdi.
23 ýaşyndaky Şeýnis Palasios «Älem gözeli» adyna eýe bolan ilkinji nikaragualy boldy. Bu model ilkinji gezek 2016-njy ýylda «Miss ýetginjek Nikaragua» bäsleşigine gatnaşyp, soňra ol «Teen Universe» bäsleşiginde öz ýurduna wekilçilik edip, ilkinji onluga giripdi. Palasios «Dünýä gözeli Nikaragua 2020» we «Dünýä gözeli 2021» bäsleşiklerine gatnaşyp, Top-40-lyga öz adyny ýazdyrypdy.
Aýnur KURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.