
Meşhur ýapon moda markasy bolan «Undercover», Pariž moda hepdeliginde janly kebeleklerdir mör-möjek nagyşly eşikleri ulanan kolleksiýa üçin haýwan hukuklary guramasy PETA-dan ötünç sorady. Aslynda moda dünýäsi bu täsin dizaýn ýygyndysyny alkyşlasa-da, haýwan hukuklaryny goraýjylar muny tankyt etdiler.
Haýwanlar üçin iň amatly ýaşaýyş ýerini döredendiklerini aýdan dizaýner, munuň ýalňyşdygyny henizem kabul edýändigini belläp, şeýle ýüzlenýär: «Kolleksiýamdaky köýneklere kebelek goýmak kararyna gelendigim üçin özümi günäkär hasaplaýaryn».
Ýatlap geçsek, Nýu Ýorkdaky Barneys dükany, 2018-nji ýylda janly monarh kebeleklerini ulanandygy üçin PETA-dan şuňa meňzeş arzalary alandan soň, displeýlerinde mör-möjekleri görkezmegi bes edipdi.
«TürkmenGazet».