
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. 25-nji noýabrda hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Şeýle resminamalaryň birine laýyklykda, 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjy döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ornuny ýokarlandyrdy we dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegine ýardam berýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň oňyn netijä eýe bolýandygy has aýdyň görünýär.
Ýazjemal AMANMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



