Tesla kompaniýasy Germaniýanyň Berlin şäherindäki zawodynda iň elýeter elektrik awtoulagyny öndürer. Awtoulagyň takmynan bahasy 25 müň dollar bolar.
Cybertruck pikapy bilen deňeşdirilende, täze derejeli modeliň has adaty dizaýna eýe bolar. Geljekde Tesla millionlarça nusgada iň amatly elektrik awtoulagyny öndürmek isleýär. Munuň üçin Hytaýda bar bolan önümçilik desgalarynyň ýa-da Meksikadaky täze zawodyň ulanylmagy mümkindir.
2020-nji ýylda kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Musk Berlindäki zawoda baranda, üç ýylyň dowamynda has arzan elektroulag öndürilmegi baradaky taslamanyň bardygyny belläpdi. Kompaniýa 2030-njy ýylda önümçiligini 20 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalary bolan «Toyota» hem-de «Volkswagen» bir ýylda ortaça 10 milliona golaý awtoulag öndürýär.
Hiwali HÜMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.