Habarlar

Türkmen wekiliýeti “COP-28” maslahatyna taýýarlanýar

24-11-2023 / 4

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biridir. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy hut şu maksat bilen hereket edýär. Onuň 28-nji maslahaty (COP-28) şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler.

BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girip, ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr.

Häzirki wagtda türkmen wekiliýeti bu maslahata gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleriniň, hususan-da, howanyň üýtgemegine degişli meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maksadalaýyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokarda agzalan maslahat abraýly halkara guramalaryň we dünýä ýurtlarynyň köp sanly wekiliýetlerini birleşdirer. 1-2-nji dekabrda döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “COP-28” maslahatynyň utgaşykly mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň işi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek we bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Plenar mejlisler bilen birlikde, howa meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. “COP-28” maslahatynyň netijeleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegine garaşylýar. 

Muhammetaly ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu