
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Kuraş – türgeni beden hem-de ruhy taýdan kämilleşdirýän halkara sport görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi türki halklaryň arasynda öňden gelýän guşakly göreşiň bir görnüşi bolup durýar. Häzirki wagtda kuraş boýunça dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär we göreşiň bu görnüşi ÝUNESKO tarapyndan hem işjeň goldanylýar. Hünärmenler başa-baş göreşiň bu görnüşi mundan 3,5 müň ýyl ozal dörändigini aýdýarlar. Hat-da gadymy şadessanlarda kuraş we kuraşyň güýçli pälwanlary hakynda köp ýatlanylýar.
Köp asyrlaryň dowamynda şol bir adaty görnüşinde kuraş nesilden-nesle geçip gelipdir. Kuraşy belli-bir düzgünlere laýyk getirmek, ony halkara derejesinde ykrar etdirmek ýaly tagallalar diňe soňky wagtlarda ýüze çykyp başlaýar. Elbetde, kuraşda tutmak bilen bagly dürli emeller, düzgün-kadalar öňden adat bolan görnüşde dowam edýär. Çünki, Orta Aziýa ýurtlarynda kuraş elmydama ýörgünli bolupdyr. 1980-nji ýyllarda dzýuda we erkin göreş ýaly, kuraş hem ylmy nukdaýnazardan öwrenilip başlanýar. Netijede, kuraşyň ylmy taýdan hemmelere aýdyň derejede kesgitlenen emelleri, düzgünleri takyklanylýar.
Müňlerçe ýyllaryň dowamynda dowam edýän düzgünler düýpli öwrenilip, tutluşygyň agram toparlary, adalgalar, tutuşygyň dowam etmeli wagty, pälwanlaryň egin-eşikleri we beýlekiler tassyklanylýar. Umuman, gadymy kuraş sportuny döwrebap sport görnüşine öwürmek üçin şertler döredilýär.
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.



