BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek boýunça Komitetiň 21-nji sessiýasy (CRIC 21) 2023-nji ýylyň 13 – 17-nji noýabry aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.
BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasy döwlet we hususy pudaklaryň çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna we gurakçylygyň netijelerine garşy göreşmek üçin halkara derejesindäki tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda kabul edildi. Konwensiýa 1996-njy ýylyň 26-njy dekabrynda güýje girdi, 2012-nji ýylda bolsa 195 ýurt tarapyndan tassyklandy.
CRIC 21-iň işine 196 ýurtdan we Ýewropa Bileleşiginden 500-e golaý wekil, şeýle-de raýat jemgyýetiniň we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdy. Nobatdaky duşuşyk Konwensiýanyň strategiki maksatlaryna ýetmek ugrundaky ösüşi seljermäge gönükdirildi. BMG-niň Konwensiýasyna gol çekileni bäri ilkinji gezek onuň iň möhüm çäreleriniň biriniň Merkezi Aziýada geçirilendigini aýratyn nygtamak gerek.
BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasy tarapyndan hödürlenen soňky maglumatlar dünýäde her ýyl 100 million gektara golaý sagdyn we hasylly ýerleriň ýitýändigini delillendirýär. Häzirki zaman tendensiýalar saklanan ýagdaýynda, dünýäde ýerleriň zaýalanmagynda bitarap deňagramlylygy gazanmak üçin 2030-njy ýyla çenli 1,5 milliard gektar ýeri dikeltmeli bolar.
Biziň ýurdumyz Türkmenistan hem bu Konwensiýa 1996-njy ýylda goşulyp, 1997-nji ýylda «Çölleşme hadysalaryna garşy göreşmek hereketleriniň Milli maksatnamasyny» işläp düzdi.
Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.