Walt Disneý – belli amerikan režissýory hem-de senaristidir. Ol 1901-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde eneden dogulýar. Ol çagalygyndan okamagy, ýazmagy kynlyk bilen öwrenipdir. 1920-nji ýylda ilkinjileriň hatarynda film dünýäsine aralaşýar. Onuň döreden çekilen filmleriniň köpüsi birnäçe gezek meşhur «Oscar» baýragy bilen bir hatarda başga-da ençeme baýraklara mynasyp boldy. Walt Disneýe has meşhurlyk gazandyran multifilm bolsa «Mickey Mouse» -dyr. Ýöne ünsi çekýän zatlaryň biri-de, Walt Disneýiň syçanlardan gorkýandygy.
Onuň işleri multiplikasiýanyň taryhynda uly yz galdyrdy. Döreden çekilen filmleriniň toplumy ýarym asyrdan-da köp wagtlap, tehniki özgertmäniň ýokary derejesi hasaplanypdyr. Bu usul filmi döretmegiň birnäçe bölege bölünmegine esaslanandyr. Şeýlelik-de, filmi döretmek üçin suratkeşleriň uly topary işläp, filmiň çalt döremegine mümkinçilik beripdir. Onuň ilkinji döreden «Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly filmleri şowsuzlyga uçrapdyr. Muňa garamazdan, onuň «Mickey Mouse» atly syçanjyk gahrymany gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe boldy.
Disneý –filmde esasy zat çekilen surat ýa-da hereket däl-de, gahrymanyň psihologiki keşbi diýip, belleýär. Hut şonuň üçin hem onuň filmleriniň gahrymanlary adam hereketleri hem-de sesi bilen bezelendir. Awtorlar öz gahrymanlarynda, ilki bilen, haýwanlaryň hereketlerine, özlerini alyp baryşlaryna üns berip şekillendirýärler. Soňra bolsa, artistlere olary adam sesi bilen janlandyrmagyň usullaryny görkezýärler.
1939-njy ýylda Disneý öz filmlerini döretmek üçin ýörite kinostudiýasyny döredýär.
Çynar AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türk dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby.