Režissýor Tim Býortonyň «Wednesday» serialynyň ikinji möwsümi öňümizdäki 2024-nji ýylyň aprel aýynda surata düşürilip başlanar. Birinji möwsümiň işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli Rumyniýada alnyp barylypdy. Bilşimiz ýaly, şol döwürde ikinji möwsümiň surata düşüriliş işleriniň Irlandiýada boljakdygy barada habar berlipdi. Ýöne häzirki wagtda haýsy aktýorlaryň serialda boljakdygy belli däl, ýöne studiýa esasy keşbi janlandyrýanlaryň hemmesiniň şertnamalaryny täzeledi. Häzirki wagtda ssenariniň üstünde işlenilýär.
Ssenaristler Alfred Gof bilen Maýls Millaryň bellemegine görä, täze möwsümde Addamslaryň maşgala agzalary has köp görkeziler. Baş keşbi janlandyrýan aktrisa Jenna Ortega täze möwsümde ýerine ýetiriji prodýuseriň wezipesini hem eýeledi.
Täze bölümlerde ýetginjekleriň romantikasyna däl-de, gorkunç wakalara has köp üns beriljekdigini aýdýar. Şeýle hem filmi döredijileriň baş gahrymanyň söýgi wakalaryny dowam etdirmezlik kararyna gelendigini aýtdy.
Şatlyk ORAZBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby.