Siziň üçin...Slider

Bütindünýä salamlaşmak güni

22-11-2023 / 5

Bilşimiz ýaly, noýabr aýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen halkara günlerine we baýramçylyklaryna baý aýdyr. Geliň, olary käbiri hakda gürrüň edeliň!

Bütindünýä salamlaşmak güni (World Hello Day) her ýylyň 21-nji noýabrynda bellenilýär. Onuň esasy maksady — giň jemgyýetçiligiň ünsüni parahatçylygy gorap saklamak üçin şahsy aragatnaşygyň nähili möhümdigine üns çekmekden ybaratdyr. Çünki diňe güýç ulanmazdan, islendik dawany hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly çözüp bolar. Bu baýramçylyk 1973-nji ýylda amerikaly iki sany dogan Maýkl we Braýen Makkomaklar «sowuk urşuň» iň bir jygba-jygly pursatynda Müsür bilen Ysraýylyň arasyndaky dawalara jogap hökmünde teklip edilýär. Bu günI döretmek halkara dartgynlylygynyň güýçlenmegine garşy nägilelik hökmünde zerur hasaplanylypdyr.

«Sada, emma netijeli hereket zerur» — diýmek bilen, doganlar dünýäniň ähli künjegine ýürekdeş dostluk hatlaryny ýollapdyrlar. Olar bütin dünýäde parahatçylygy goramak hem-de halkara dartgynlylygyny azaltmak ugrundaky göreşde öz pikirlerini hiç kimiň boýnuna zorluk bilen dakmandyrlar. Olar diňe hat iberilýän şahsdan iň bolmanda ýene-de 10 adama  bu barada ýüzlenmegi haýyş edipdirler. Bu pikir 180 sany döwlet tarapyndan goldanypdyr. Şondan bäri, bu Halkara gününi dürli kärde zähmet çekýän ähli ýaşdaky raýatlar, iri syýatsatçy liderler, iri senagat eýeleri, dünýä belli meşhur kino we telewideniýe işgärleri belläp geçýärler.

Elbetde, her milletiň özüniň taryhy taýdan däp bolan birek-birek bilen salamlaşmak dessury bar. Muňa garamazdan, milletara etiket öz mazmuny boýunça birmeňzeşdir — esasan-da dürli halkara duşuşyklarda, adatça, adamlar bir-birlerine gowulyk, sag-salamatlylyk, abadançylyk we  işlerinde üstünlik arzuw edyärler.

Şol sebäpli bu günki baýramçylyk — dostlukly gatnaşyklary açmak üçin ýene-de bir ajaýyp günleriň biri bolup, şatlykly duýgulary bagş etmek bilen, keýpiňi göterýär. Eziz ýaşlar, siz hem bu ajaýyp baýramçylyga keýpiçaglyk bilen goşulyň!

Merjen HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu