Dünýäniň meşhur fransuz kompaniýasy bolan «Dior» çagalar üçin ýörite müşki hödürledi. Bonne Étoile çüýşesiniň eýesi bolmak üçin, ene-atalar 230 dollar tölemeli bolarlar diýip, «pikabu.ru» saýty habar berýär.
Kompaniýanyň döredijilik müdiri Frensis Kurkjýan tarapyndan döredilen kompozisiýanyň düzüminde alkogol ýok we armydyň, itburunyň we ak muskusyň notalaryny saklaýar. Aslynda Bonne Étoile geçen asyryň 70-nji ýyllarynda önümçiligi bes edilen hoşboý ysyň täzeden janlanmasydyr.
Bonne Étoile-niň kiçijik çagalar üçin niýetlenendigine garamazdan, onuň bahasy gymmat bolup, moda öýi bu täze ysyň öz muşdaklaryny kynçylyksyz tapjakdygyna ynanýar.
Söhbet SETDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.