«Daryo.uz»-yň habar bermegine görä, Özbegistan mart aýynyň başynda Londonda geçirilen World Travel Mart halkara syýahatçylyk sergisinde iň gowy syýahatçylyk ugry hökmünde ykrar edildi. «Lonely Planet» syýahatçylyk neşiriniň wise-prezidenti Tom Brodi Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Jamşid Abdusalamowa ýörite şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Özbegistan özüniň gadymy şäherleri, milli aşhanasy, dag goraghanalaryna gezelençleri, hem-de ýerli senetçilik däpleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmegini dowam edýär.
Ençeme hanlyklaryň, emirlikleriň mekany bolan Özbegistan döwleti häzirki wagtda dünýäde taryhyň gaýnap joşýan ojagy hökmünde tanalýar. Köçelerinden gadymyýetiň ysy gelýän bu ýurt özbaşdak binagärligi, milliligi, medeniýeti, däp-dessurlary, tagamlary bilen dünýä jahankeşdelerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň mugallymy.