Siziň üçin...Slider

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda köne türkmen sözleriniň ulanylyşy

21-11-2023 / 58

Türkmen halkynyň  ençeme asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda döredip, kämilleşdirip gelen iň esasy milli mirasy onuň ene dilidir, iňňän gadymy hem baky juwan, häzirki we taryhy şiwelerimizdir, gepleşiklerimizi özünde jemleýän, baý we ösen türkmen dilidir.

Türkmen halkynyň uzak döwri öz içine alýan şöhratly taryhy onuň kämil dili bilen bütin dünýä meşhur bolupdyr. Munuň şeýledigini tejribeli alymlar tassyklaýarlar. Dünýäniň dürli künjeginde türkmen diliniň giňden öwrenilmegi bu dilde köp sanly ajaýyp çeper, taryhy, ylmy eserleriň döredilmegine sebäp bolupdyr. Ol gymmatly taryhy ýazgylar dünýäniň dürli ýurdunyň kitaphanalarynda biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Garaşsyzlyk döwründe milli mirasymyzyň gözbaşy hasaplanan şol golýazmalar ýurdumyza getirildi we ylmy taýdan öwrenilip başlandy we bu iş häzirki wagtda hem üstünlikli dowam edýär.

Biz şu makalamyzda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky köne türkmen sözleriniň arap, pars alynma sözlerden tapawutly aýratynlygyny, fonetik nukdaýnazardan saýgaryp öwrenmek arkaly köne türkmen sözlerini ýüze çykarmagy makul bildik.

Alym A.Nurmuhammedow “Türkmen diliniň fonetikasy” atly kitabynda türkmen sözlerini beýleki dillerden tapawutlandyrmakda aşakdaky ýörelgä eýermek baradaky pikirine esaslanmak bilen, ussat şahyryň döredijiligindäki köne türkmen sözlerini öwrendik:

— türkmen diliniň fonetik kanuny boýunça uzyn çekimliler asyl we düýp sözleriň birinji bognunda duşup, aňyrky bogunlaryna geçmeýärler;

— türkmen sözlerinde birden artyk uzyn çekimli gelmeýär, ýagny bir asyl ýa düýp sözde iki we ondan artyk uzyn çekimliniň bolmagy mümkin däl;

— türkmen sözleriniň ahyrynda hem uzyn çekimli duşmaýar.

Alymyň bu kesgitlemesi uzyn çekimliler babatynda bolup,  ýokardaky düzgünleriň saklanylmadyk halatynda ol sözüň başga dillerden girendigini anyklamak boljakdygy bellenilýär. Meselem:

Ugrum, ýönüm bilmeýen, ýol üstünde oturgan.

Asyl sözi “ýö:n” bolup, “ugur, tarap” diýmekligi aňladyp, häzirki döwürde işjeň ulanylmaýar.

Gulzumy gyr sanyp, kyrk ýol geçer men,

Eger ki meýl etse, ýar bizim sary.

Bu setirdäki “sanyp” sözüniň asyl manysy “sa:nmak” işliginden bolup, häzirki döwürde “hasaplamak, saýlamak” manylary işjeň ulanylýar, “sanmak” sözüne köne türkmen sözi diýmäge doly esas berýär.

Köňle gelen herne käri,

Sangy etmeý, edejek sen.

Bu setirdäki  “sa:ngy” sözi köne türkmen sözi bolup, häzirki wagtda “pikir, hyýal” diýen manylarda ulanylýar.

Hüt-hüt aýdar: “Ilçiýem”,

Süleýmana sawçyýam.

“Sa:wçy” sözi “hoş habar aýdyjy” diýmekligi aňladýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen diliniň baý dil birliklerini we serişdelerini öwrenmekde ussat şahyrlarymyzyň döredijiligi gymmatly çeşmedir. Dilimiziň jemgyýetçilik hyzmaty günsaýyn artýar. Sözleýiş medeniýeti durmuşyň dürli ugurlarynda sözleri manysyna görä dogry we täsirli ulanmagy üpjün edýär.

Ogulşeker MÄTIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu