Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant bolar.
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere iki ýurduň medeniýet ulgamynyň, Aşgabatda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk sazlarydyr tanslar, dünýäniň, türkmen we türk nusgawy sazlarynyň eserleri girizildi. Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda halk we estrada aýdymlary belentden ýaňlandy.
Dabaralar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde kagyzy mermerlemegiň — ebru usulynda işleýän ussatlaryň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Medeniýet günleriniň maksatnamasy köpöwüşginli bolup, türk medeniýetiniň we sungatynyň ýeten sepgitlerine, ösüş meýillerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 19-njy noýabrda — çäräniň ikinji gününde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.