Bütindünýa çagalar güni her ýyl Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň güni hökmünde bellenilýär. Däp bolşy ýaly her ýylyň 20-nji noýabry halkara derejesinde «Çagalaryň bütindünýä güni» diýlip yglan edilip, bu baýram ýyldan-ýyla uly joşgun bilen garşy alynýar. Bu gün çagalar üçin hereketiniň bütindünýä güni bolup, ol bilimsiz, goragsyz we öýlerinden göçmäge mejbur bolan millionlarça çagalaryň habarlylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Çagalaryň parahat durmuşyny goramaklygy üpjün etmek we olara ýagty geljegi kepillendirmek maksady bilen 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Çagalaryň bütindünýä güni» ykrar edildi. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr.
Çaganyň hukugy – bu adam hukugy diýmekdir. Bu hukuklar milletine, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan ähli çagalara degişlidir. Şahsyýet hökmünde sazlaşykly kemala gelmekleri üçin çagalaryň goldaw, söýgi, mähir bilen gurşalan jemgyýetde ýaşamagy zerur bolup durýar.
Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan çagalara ylyma-bilime, şeýle-de parahat durmuşa elýeterliligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar.
Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.