«Bloomberg»-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, Apple öňümizdäki 2024-nji ýylda bar bolan iPad planşetlerini täzelemegi maksat edinýär. Apple ýylyň dowamynda häzirki wagta çenli “iPad”-iň ýekeje modelini hem çykarmady. Şeýlelikde, onuň bu bölümdäki girdejisi üçünji çärýekde 10 göterim pese gaçdy.
Apple 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze M3 çipleri esasynda 11 we 13 dýuýmlyk OLED ekranly iPad Pro-ny hödürlemek arkaly ýagdaýy öňki durkuna getirmek isleýär. Kompaniýa iPad mini, Air we esasy model ýaly beýleki planşetleri indiki ýylyň dowamynda täzelär.
“iPad”-iň iň soňky çykarylyşy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda, M2 çipleri bilen iPad-iň 10-njy nesli we “iPad Pro” hödürlenende bolup geçdi. Apple 2024-nji ýylda MacBook Air, Mac mini, esasy AirPods gulaklyklaryny we başgalary täzelär. Täzelenen meşhur AirPods Pro 2025-nji ýyldan öň çykmaz diýip bellenilýär.
Apple planşet bazarynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. “IDC”-niň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde “iPad”-iň bazardaky paýy 35,2 göterim, “Samsung”-yňky 23,1 göterim, “Huawei”-iňki bolsa 6,6 göterime deň boldy.
Dawut PÜRNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.