Göwün küýsegiSlider

Dymmak üçin gelmedim men!

Muňa ýaş şahyr gyzyň döredijiligi bilen tanşanyňda, hakykatdanam, göz ýetirmek mümkin

19-11-2023 / 58

Sorag

Ýadama sen,
                   aladaňy men etjek,
Ýapraklary sübseleme ýel bilen.
Gijelere çyn syrdaşyň men barkam,
Ümmüldeşme del bilen.

Çözlem-çözlem bulupdyr-a kalbymda,
Pynhan söýgim, gyşa çenli göterýän.
Men gyşda-da seniň Zemine taşlan
Ýapraklarňy ýatlap güni ötürýän…

Göýä ýapraklarda aryň bar ýaly,
Alynmadyk söýgiň üçin öçli sen.
Alynmadyk söýgiň sapak bolupdyr,
Hut şoň üçin güýçli sen!

A men gijelerňe syrdaşyň bolup,
Ýeňletjek bolýaryn seniň derdiňi.
Aýtsana, bu derdi beren jenan kim,
Aýsana, güýz, ony Hudaý berdimi?

***

Kitaplaryň gatlaryny sermeseň,
Tapyp bolýar näçe diýseň pelsepe.
Ýöne durmuşyňdan orun bermeseň,
Akylyňam paýlap ýörseň her kese,
Her kesden garaşsaň akyl almaga
Ýetişmersiň hiç bir zady öwrenip.
Guran pikirlerňe bakna bolmaga,
Barýaňmy buýsanjaň başyňy egip?!
Sen dälmi ol agşam düýşüme giren,
Sahawatly kitabyňy sahaplap…
Ýorgudyna düşmez düýşlermiň birem,
Bozulyp otyryn bolşuňy ýatlap…

***

Bir sen

Ýene müň sowalyň üstünden ätläp,
Tapylmadyk jogaplara gynanman.
Diňe söýgiň lezzetinden ganmaga,
Seniň ýanyňa barýan.

Ýene edilmedik işlem dag boldy,
Ýyldyzlardan köpdür entek gözleglem.
Köňli huzuryňa atmaga barýan,
Isleglerme döz gelmän.

Ömrümi bir gyra süýşürip bu gün,
Hiç zat etmesemem bolşuma kaýyl.
Indi ahli zada gözümi ýumýan,
Bir saňa maýyl.

Çünki senden başga howandarym ýok,
Çünki senden başga ýok meniň arkam.
Özümi tümde-de bagtly duýaryn,
Kalbymda barkaň.

***

Ýok, men mundan yza dönmen,
Gün şöhlesi güýjäninde.
Setirlerim ili-hä däl,
Ýalňyz meni güýmände-de,
Men barybir yza dönmen.
Dönmek üçin gelmedim men.
Bilýän, bolşum juda gülkünç,
Ýazjak bolup ýeldirgeýşim.
Kem-käsleýin çyrşasam-da,
Ýazsam welin, gülme dymman,
Dymmak üçin gelmedim men!

Aýjahan ANNABAÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu