SliderTrend we gözellik

Moda dünýäsiniň iň gowulary saýlandy (foto)

18-11-2023 / 26

CFDA moda baýraklary öz ýeňijilerini tapdy. Meşhur tennisçisi Serena Williams moda we güýmenje dünýäsinden köp meşhur atlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada «moda nyşany» hökmünde saýlandy. Bu barada «ntv.com» habar berýär.

Lýuks markalaryň, dizaýnerleriň sylaglanýan CFDA moda baýraklary, şu ýyl hem nepislik ýaryşyna şaýat boldy. Dabara Kim Kardaşýan, Anne Hathaweý, Serena Williams hem-de moda pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Meşhur tennisçi Serena Williams gijede «moda nyşany» hökmünde saýlandy.

Şeýle-de, dabaraly agşamda 2 köýnek geýen Oskar baýragynyň eýesi aktrisa Anne Hathaway gijäniň iň köp ünsi çeken atlarynyň birine öwrüldi. Aktrisa ilki «Ralph Laure» -niň gök köýnegini geýdi.

Zenanlaryň egin-eşik kategoriýasynda iň oňat dizaýner, «Khaite» markasyndan Katrin Holşteýn boldy. Jonatan Anderson bolsa bu baýragy halkara dizaýnerleriň kategoriýasynda aldy.

Ine, moda dünýäsiniň iň gowularynyň saýlanan gijesinden birnäçe pursatlar:

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu