Bu hoş habar 17-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul edip we mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap: “Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris” diýip belledi.
«TürkmenGazet».