Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherinde iş saparynda boldy. «Ka Sagredo» köşgünde geçirilen dabara Weneto sebitiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryna Wenesiýanyň syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan gözel ýerlerine, taryhy-medeni toplumlaryna baryp görmek mümkinçiligi hem döredildi.