Biziň ata-babalarymyzyň ilki orhon ýazuwyny, soňra uýgur ýazuwyny, ondan soň VI asyrdan başlap arap ýazuwyny ulanyp başlapdyr. 1920-nji ýylda ýazuw türkmen-latyn elipbiýine çalşyrylýar. 1940-njy ýylda bolsa kril elipbiýi ulanylyp başlanýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygy gazanandan soň bolsa milli türkmen elipbiýi ulanylyp başlaýar.
Orhon ýazuwynda jemi 51 sany şekil bolupdyr. Olardan 5 sanysy çekimli sesi aňladyp, inçe dodak çekimliler (ö, ü) üçin bir şekil, ýogyn dodak çekimliler (o, u) üçin iki şekil, -a, -e sesleri üçin bir, -y, -i sesleri üçin hem bir şekil ulanylypdyr. Sözlemde sözleriň arasynda iki nokat goýup ýazylypdyr. Sesleri aňladýan şekiller sözüň başynda, ortasyn da we ahyrynda dürli-dürli formada ýazylman şol bir görnüşinde, biri-biri bilen birleşdirilmän sagdan çepe ýazylypdyr. Orhon ýazuwynda b, d, l, n, r, s, ş sesleriniň inçe hem-de galyň görnüşleri üçin iki görnüşli şekil ulanylypdyr. Mundan başgada “iç, ný, ng, lt, nç, nt, aş” seslerini aňladýan şekiller bolupdyr.
Orhon ýazuwynyň ýeke-täk nusgasy Ýeniseý hem Orhon derýalarynyň boýundaky daş ýazgylarynda duş gelýär. Dil faktlary taýdan Ýeniseý ýazgylary Orhon ýazgylaryndan has gadymy hasaplanýar. Bu ýazgylaryň elipbiýi beýleki elipbiýleriň hiç birine meňzemänsoň, alymlar köp wagtlap belli netijä gelip bilmändirler. Ilkinji bolup 1896-njy ýylda daniýaly professor Wilgelm Tomsen olary okamagyň ýoluny tapýar. Ilki tengri,Türk, Kül tigin sözlerini okamagy başarýar. Elbetde ýadygärlikleriň ýüze çykarylmagynda rus alymlary Ýadrinsewiň hem-de Radloffyň hyzmatlaryny hem ýatlap geçmelidiris. Thomsenden soň dünýä dürli ýurtlaryndan alymlary Orhon we Ýeniseý ýädigärlikleri barada birnäçe işler etdiler. Şolaryň hatarynda bu ýadygärlikleriň şygyr görnüşinde ýazylandygyny belläýänler hem bolupdyr. Rus alymy Iýa Wasilýewna Steblewa ýadygärlikleri şygyr görnüşe çapa taýýarlapdyr.
Uýgur ýazuwy orhon ýazuwyndan soň ulanylypdyr. Bu ýazuw hem edil orhon ýazuwy ýaly sagdan çepe ýazylypdyr. Ýöne harplar özünden soňky harplar bilen birleşdirilip ýazylypdyr. Sözüň başyndaky, ortasyndaky hem-de sözüň ahyryndaky görnüşleri biri-birinden tapawutlanypdyr. Uýgur ýazuwynda jemi 24 şekil ulanylypdyr.
Ata-babalarymyz dürli döwürlerde orhon, uýgur, arap we latyn ýazuwy bilen bir hatarda sogd, mani, brahmi, sürýany, grek we slaw ýazuwyny hem ulanypdyrlar.
Agzalan ýazuw görnüşleriniň içinde iň uzak möhletli ulanylany arap grafikasydyr. Musulman araplarynyň Merkezi Aziýa aralaşmagy bilen ulanyşa girizilen arap grafikasy geçen ýigriminji asyryň başlaryna çenli ulanylypdyr. Köne türkmen ýazuwy ady bilen adygan bu ýazuw görnüşi hem edil göktürkmen we uýgur ýazuwlary ýaly sag tarapdan başlap çepe tarap ýazylýar. Harplaryň başdaky, ortadaky hem-de sözüň ahyryndaky görnüşleriniň käbiriniň biri-birinden tapawutlanmagy, käbir harplaryň özünden soňky harplar bilen birleşmezligi, şeýle hem yzygiderlikdäki harplaryň köplenç ikisiniň biri-birine şeýle çalymdaşlygy bu ýazgylaryň özleşdirilmeginde käbir kynçylyk döredýär.
Ogulbibi HOJANYÝAZOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.