Siziň üçin...Slider

Mugallymyň sözi

16-11-2023 / 12

Çaga edebi durmuşyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesiniň derejesi biziň jemgyýetimiziň geljegini kesgitleýär. Şol sebäpli-de, mugallymlar, ilkinji nobatda bolsa ene-ata çaganyň edep-terbiýesine aýratyn üns bermeli. Munuň üçin çaga diňe oňat zatlar bilen görelde bolmak gerek. Haçan-da, bagy döwüp duran çagany göreniňde, oňa «haý-küş» diýseň ýa-da biri-biri bilen sözi azaşyp duran oglanjyklara dost bolmak barada gymmatly pentleri etseň, şol öwütler olaryň aňynda müdimi galýar. Mugallymyň her bir sözi çaga üçin özboluşly kadadyr. Üns beren bolsaňyz, çaga öýde «mugallym eýt diýdi, mugallym şeýtseň gowy bor diýdi» diýen ýaly sözleri köp gaýtalaýandyr.

Ata-babalarymyzyň bize galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şertlerinde ösdürmek, durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara giňden düşündirmek hem-de terbiýelemek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly bolmak, Watan, halk bähbitleri üçin göreşmek, halal zähmet çekip ýaşamak, işlemek, döwrebap adamlar bolup ýetişmek ýaşlaryň öňünde duran wajyp meselelerdir. Şeýle belent ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň iň ýokary nusgalary ýaşlaryň durmuş ýoluny, geljegini ýagtylandyrjak şamçyragdyr.

Gahryman Arkadagymyz milletiň baş mugallymydyr. Milli Liderimiziň durmuş tejribelerine esaslanyp berýän öwüt-ündewleri ýaş nesillerimiz üçin ýagty ýyldyzyň nury ýaly nusgalyk şamçyragdyr, üstünlige barýan ýoluň çelgisidir. Şu ýerde edebiýatymyzyň görnükli wekili Kerim Gurbannepesowyň «Mugallymyň sözi» atly goşgusyny ýatlalyň. «Mugallymyň sözi — Watanyň sözi!» diýmek bilen, şahyr nesilleri bilimler dünýäsine, ýagty geljege atarýan ynsanlaryň sözüniň hemişe kanundygyny beýan edýär.

Ogulbagt IŞANKULIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu