Kämil ahlakly şahsyýetler jemgyýetde özgelere görelde bolýarlar. Jemgyýetiň ygtybarly we sazlaşykly ösmegi her bir şahsyýetiň yhlasly we döredijilikli zähmetine hem-de ýerine ýetirýän netijeli işlerine baglydyr.
Ýagşy arzuwda ýaşamak adamyň tebigatyna mahsusdyr. Atalarymyz “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” diýipdirler. Her bir şahsyýet durmuş maksatlaryny ukypdyr başarnyklaryna görä meýilleşdirmeli we olaryň hasyl bolmagy üçin çyn ýürekden yhlas etmeli. Maksada okgunly bolmaly we bilim derejäňi yzygiderli kämilleşdirip, özüňe bildirilen ynamy ak ýürekden ýerine ýetirmeli. Her bir işde halallyk bolmaly. Arzuwlaryň hasyl bolmagy seniň şüküriňe hem-de sabryňa bagly. Ýöne ynsan hiç bir ýagdaýda hem ruhdan düşmeli däldir, erjel we tutanýerli bolmalydyr. Ata-babalarymyz şu durmuş hakykatlaryny göz öňünde tutup, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýen bolmaly. Maksat tutunmaly, ýöne hiç haçan ýagşy umytsyz ýaşamaly däl.
Durmuşda her bir ýaş oglan-gyz ýokary mekdebe okuwa girmek üçin orta mekdepde bilim alýan döwründen şahsy mümkinçiliklerinden ugur alyp, geljekde öz höwes edip zähmet çekip biläýjek ugruny kesgitlemegi başarmaly. Maksadyna ýetmek üçin hem degişli okuw mekdebiniň synag tabşyrylýan dersleri boýunça ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bilimini ýyllaryň dowamynda üznüksiz artdyrmaly.
Eger-de geljekde okuwyny dowam etdirmäge höwesi bolmadyk ýaşlar öz ukyplaryna we başarnyklaryna laýyklykda yhlasly zähmet çekip biläýjek hünärini saýlamagyň hötdesinden gelmeli. Çekýän zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, olar ýörite hünär okuw mekdeplerinde ýa-da gysga möhletli okuwlarda öz bilimlerini artdyryp hem bilerler.
Ömrüni ýagşylyklara we gözelliklere besleýän her bir ynsan jemgyýetçilik tarapyndan uly goldaw tapýar. Şeýle adamlaryň köp bolmagy sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine oňat täsir edýär. Munuň özi ýurduň uly üstünliklere ýetmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Göwher AGAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.