Dünýäde has beýik işleri ýerine ýetirmegi başarman bileris, emma ýönekeý işleri yhlas bilen ýerine ýetirmegi başarýarys.
Terasa
Käwagtlar uly işleri başarmaga bolan meýillerimiziň netijesin-de, ýönekeý bolan mümkinçiliklerimizi elimizden ýitirýäris. Birwagtlar dostlarymyň biri maňa şeýle diýipdi: «Ömrümi ynsanlara kömek etmek bilen geçirmek isleýärin, emma häzirki şertlerde başaramok. Bir gün hakykatdan hem uly wezipeli bir adam bolanymda başgalar üçin köp zatlar etmegi meýilleşdirýärin». Ýöne, şol wagt hem uly şäheriň köçeleri aç we kömege mätäç, okamagy başarmaýan sowatsyz adamlardan doludy. Birnäçe eneler çagalaryny ekläp bilmeýändikleri üçin ýardam isleýärler. Hiç kime içini dökmeýän syrly adamlar hem özlerine ynamdar dost gözleýärler. Mundan başga-da, onuň ýaly ýönekeý hem bolsa eliňizden gelip biljek ýardam mümkinçilikler bar.
Hawa, aslynda men hem akyldar Terasanyň pikirini soňuna çenli makullaýaryn. Çünki, dünýäniň durkuny üýtgetmegi başarman bileris, emma dünýämizi aýdyňlaşdyrmak biziň öz elimizde. Munda zerur bolan şertleriň iň esasysy özümizi ýönekeýje ýagşylyklary etmäge gönükdirmekdir!
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.