Çagalyk dünýäsi — arzyly günleriň, şadyýan pursatlaryň jemi. Ýaşlykda gazanylan üstünlikler, ilkinji şowly ädimler bütin ömrüňe ýalkym saçýar. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Süleýman Çaryýew hem sözüň doly manysynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hakyky ýaş zehinli, sowatly, edep-terbiýeli ýaş nesilleriniň biridir.
Süleýman orta mekdebe kabul edilen gününden bäri özüni bilime höwesli, aýratyn işlerde tapawutlanýan, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýan, derslerini talabalaýyk özleşdirýän okuwçy hökmünde özüni tanatdy. Ol okuw maksatnamasy boýunça geçilýän ähli sapaklara oňat ýetişmek bilen, mugallymlaryň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Ýaş ýigit, esasan hem, takyk ylymlary ugry boýunça has-da tapawutlanýar. Ders bäsleşiklerine, synaglara gatnaşyp, oňyn netijeleri görkezýär we baýrakly orunlara eýe bolýar.
Ata-ene tarapyndan berilýän terbiýäni ýerlikli kabul edip, maşgalada alan edebini jemgyýetçilik durmuşynda hem aýdyň görkezýän Süleýman Çaryýew sapaklaryndan daşary sportuň küşt görnüşi bilen içgin gyzyklanýar we dowamly meşgullanýar. Elbetde, ol birnäçe degişli ýaryşlaryň iri tapgyrlarynda üstünlik gazanyp, baýrakly orunlary eýeläp, mekdebiň, ýaşaýan künjeginiň hem eziz ýurdumyzyň abraýyny galdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýar. Munuň şeýledigini küştüň ýaş ussady S.Çaryýewiň gazanan Diplomlary, Hormat hatlary we medallary aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýeri gelende bellesek, ol «Ararat» halkara küşt mekdebiniň halkara onlaýn ýaryşlarynyň ýeňijisidir. Şeýle-de onuň kompýuter tehnologiýasyndan oňat baş çykarýandygy, sanly ulgamdan peýdalanmagyň ugurlaryny we usullaryny öwrenmäge höweslidigini, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis dilini kämil bilýändigini bellemek ýerliklidir.
Süleýman örän köp kitap okaýar. Onuň arzuwlary hem juda köp. Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler onuň ýagşy arzuwlaryny has-da gülledýär. Sebäbi biziň ýurdumyz — ähli ynsanlaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekany.
«TürkmenGazet».