«Bentley» kompaniýasy markanyň nyşany bilen bezelen, her haýsy üýtgeşik geýnen 4 sany ýumşak oýunjak aýyjyklaryny tanyşdyrdy. Aýyjyklaryň bahasy 65-funt sterlingden 80 funt sterlinge çenli diýip, «auto.ru» habar berýär.
Special Edition Signature aýyjygy resmi haryt nyşanyny alamatlandyrýar. Ol çal we ýaşyl reňklerde bolup talas-boýunbag bilen bezelendir. Ak-ýaşyl kombinezonly we papakly – mehanik aýygyň gursak jübüsinde üç guralyň toplumyny hem görüp bilersiňiz.
Ulag-ýaryşçy aýyjyk bomber-kurtka, ýaryş äýnegini we şlem geýipdir. Ol 1920-1930-njy ýyllaryň awtoulag türgenlerine bolan hormatyň nyşany hökmünde aňladylýar. Onuň nohut gülli şarfy rowaýata öwrülen Blower modeliniň döredijisi ser Genri Tim Birkiniňkä meňzedilipdir.
Toplumyň soňky gahrymanyna Cosy Knit diýilýär. Bu örülen jempirli we gulakjynjykly aýyjyk. Romb görnüşli nagşy «Bentley» -iň awtoulag salonlarynyň interýerine degişlidir.
Her oýunjagyň boýy 40 santimetr bolup, olar hem kaşaň awtoulaglar ýaly, ýokary hilli materiallardan ýasalandyr.
Sülgün ARTYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.