SliderTrend we gözellik

Näme üçin moda pudagyndan daşlaşýar?

14-11-2023 / 24

Meşhur amerikan moda dizaýneri Tom Ford Floridadaky öýünde «GQ» bilen geçen söhbetdeşliginde özüniň meşhur lýuks moda markasy bolan «Tom Ford» -y näme üçin satandygyny düşündirdi:

«Aslynda kompaniýamy satmagymyň birnäçe sebäpleri bar. 35 ýyldan soň moda barada elimden eden işlerime göz aýladym. Sahnadan haçan çykmalydygyňy bilmek gaty möhümdir. Özüm 62 ýaşymda ýöne 82 ýaşyma çenli iň bolmanda birneme gowy ýaşap bilerin diýip umyt edýärin. Şonuň üçin ömrümiň indiki 20 ýylyny kino düşürmek bilen meşgullanmak isleýärin. Iki filmimi haladym. Bu durmuşymda iň gyzykly pursatlaryň boldy».

Dizaýnlary bilen ençeme ýyllap moda garaýşyny ösdüren Ford: «Moda bilen hoşlaşmagyň wagty geldi. Moda – bu ýaşlaryň oýny, 30 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky adamlaryň dünýäsi. Ýöne beýle diýildigi meniň moda goşant goşjak zadym ýok diýildigi däl. Ýaşyň ulaldygyça ýazuw we binagärlik ýaly hünärler has meşhur bolýar. Dizaýnerler 62 ýaşynda moda dünýäsini seýrek üýtgedýärler».

2009-njy ýylda «Bir adam» we 2016-njy ýylda «Gijeki haýwanlar» filmlerine režissýorlyk eden Tom Ford: «Režissýor hökmünde kino düşürmek üçin azyndan 3 ýyl gerek. Belki, ömrümde ýene bäş film üçin wagtym bar. Şonuň üçin häzirki wagtda işleýän taslamalarym juda manyly bolmaly» diýip, sözüni jemledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu