Şu gün – 14-nji noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal açylýar. Bu çäre dünýä halklarynyň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşar.
Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly hem ynsanlaryň köňüllerini birleşdirer, adamlary birek-birek bilen ýakynlaşdyrar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berer» diýlip bellenilýär.
Bu halkara teatr festiwaly dünýä döwletleriniň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem ähli ugurlardaky ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çäre bolar.
«TürkmenGazet».