
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapýar.
Bu günki gün bereketli topragyň jomartlygynyň, babadaýhanlaryň edermenliginiň netijesinde ekin meýdanlarynda bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Daşary ýurtlardan satyn alynýan döwrebap, ähli amatlyklary özünde jemleýän oba hojalyk tehnikalary edermen daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülýär. Ene ýerimizde bitýän ekinleriň bolçulygy bolsa her bir maşgalanyň saçagynyň berekedini artdyrýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, dökün we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna ýeňillikli karzlaryň berilmegi, ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi toprak bilen bagry badaşan ildeşlerimiziň höwesini has-da artdyrýar.
Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Her ýyl uly dabaralar bilen bellenilýän Hasyl toýy baýramynda däneçilikde, pagtaçylykda we oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekip, ýokary netije gazanan daýhanlara, mehanizatorlara we işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, diplomlar gowşurylýar.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Rehimnazar MEREDOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



