Bilşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «IP-telewideniýe», «Belet Film», «Çapar» we başga-da birnäçe dürli görnüşli sanly hyzmatlardyr programmalary halk köpçüligine ýetirdi. Olaryň ulanyjylary wagtyň geçmegi bilen barha artýar.
«Türkmentel — 2023»-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň baş hünärmeni Annamuhammet Kerimow žurnalistlere beren interwýusynda «IP-telewideniýesini» ulanýan müşderileriň sany 148 müňden geçendigini aýtdy. «Belet Film» programmasyny ulanyjylaryň sany bolsa 53 müňden geçdi. «Çapar» programmasynyň ulanyjylarynyň sany hem 134 müňden gowrakdyr.
Bellemek gerek, agentlik tarapyndan ilatymyzyň durmuşyny ýeňilleşdirýän sanly onlaýn hyzmatlaryň birnäçesi işlenip düzülýär we halkymyza ýetirilýär. Şolaryň hatarynda 490 töweregi hyzmaty öz içine alýan «e.gov.tm» döwlet hyzmatlar portalyny görkezmek bolar. Bu portalyň üsti bilen ulanyjylar aragatnaşyk hyzmatlary, bilim ulgamy, jemagat hojalygy boýunça onlaýn tölegleri amala aşyryp bilerler. Mundan başga-da, portal arkaly onlaýn ýüztutmalary we elektron hyzmatlaryň ençemesinden peýdalanyp bilerler.
«TürkmenGazet».