9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyö çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Ikitaraplaýyn görnüşde geçen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işi, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary we dürli forumlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.
Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Suw hojalygy we daşky gurşawy goramak, serhetýaka welaýatlaryň arasynda söwda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine-de aýratyn üns çekildi.