Siziň üçin...Slider

Meşhurlardan galan meşhur aýtgylar

09-11-2023 / 8

Durmuş iki zat bilen gözelleşýär, matematika bilen meşgullanmak we ony okatmak bilen.

Simeon PUASSON.

Beýleki ylymlar bilen meşgullanýanlar diňe matematiki subutnamalaryň kömegi bilen belli bir zada göz ýetirip bilerler.

Rodjer BEKON.

Adamlar eýýäm jemgyýetler döräp başlandan sanap başladylar, olar gürrüňsiz öz maşgala agzalarynyň sanyny bilipdirler. Öz ýaşan günlerini, ýyllaryny bilipdirler, sürüleriniň sanyny ýöredipdirler.

Wiktor BUNÝAKOWSKIÝ.

Eger adamzadyň tebigatyndan sanlary aýran bolsalar, biz hiç haçan hem paýhasly bolup bilmezdik.

Platon.

Diňe meseläniň şertine düşünmek ýeterlik däldir, ony çözmek üçin isleg zerurdyr. Örän kyn meseläni güýçli isleg bolmasa çözmek mümkin däl, emma şeýle isleg bolsa çözmek bolýar. Isleg nirede bolsa oňa ýol tapylýar.

Dýord POÝA.

Geometriýa müsürliler tarapyndan açylypdyr we ýer ölçemekde ýüze çykypdyr. Bu ölçegler Niliň joşmaklygy we onuň araçäkleri bozup durýanlygy üçin zerur bolupdyr.

Ewdem RODOSSKIÝ.

Gözellik simmetriýa bilen berk baglanyşyklydyr.

German WEÝL.

Toplan: Jennet SAÝFULLAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň Maliýe we karz hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu