Siziň üçin...Slider

Bütindünýä filosofiýa güni

08-11-2023 / 4

Bütindünýä filosofiýa güni (World pfilosophy Day) 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň esasy Baş konferensiýasynyň  33-nji sessiyasynda yglan edilip, her ýylyň noýabr aýynyň üçünji penşenbesinde bellenilýär. Onuň maksady global derejede dünýä bileleşigini filosofiki düşünjeleriň baý dünýäsine çekmekden ybaratdyr. Asyrlaryň dowamynda dürli medeniýetlerde filosofiýa konsepsiýalaryň, pikirleriň döremegine seljermäniň, garaşsyz, tankydy pikirleriň ylmy işleriň ýazylmagyna sebäp boldy.

Bu günki günde Bütindünýä filosofiýa güni ÝUNESKO agza ýurtlaryň 70-den gowragynda bellenilýär. Ol gün her ýylda kesgitli tema bagyşlanyp, onuň çäginde dürli çäreler — filosofiki çekişmeler, tegelek stollar, maslahatlar we seminarlar geçirilýär. Olara filosoflar, tebigy we jemgyýetçilik ugurlary boýunça alymlar, uniwersitetleriň mugallymlary, talyp we okuwçy ýaşlar, medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Mahym BABAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu