Siziň üçin...Slider

Kitaby dost tutunyp…

08-11-2023 / 3

Ynsan, okamak, kitap, edep… bular edil dünýä, howa, suw, ýaşaýyş ýaly biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçinem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, gözüň göreji ýaly seretmek gerek.

Kitap okalanda, onuň möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr, emma daşyny garalamaly däl. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr.

Kitaby ýeke elde tutup, gaňyryp okamak kitabyň tiz dargamagyna getirer. Kitaby beýle okamak edepsizlik, kitaba bolan hormatsyzlyk hasaplanýar.

Eger ýanyňyzdaky başga biriniň okaýan kitabynyň ady we temasy bilen gyzyksaňyz, ol tarapa boýnuňy sozup biljek bolmak edepsizlikdir, mylaýym söz bilen kitaby birnäçe minutlyk soramak has gelşiklidir.

Kitap okalýan wagty suwly miweleri iýmezlige çalyşmaly, şeýle edilende kitaba tegmil degip, onuň hapalanmagy mümkin.

Eger kitap elimizde uzak wagt galjak bolsa, wagtlaýyn okamaga alan hem bolsak, onuň daşy gaplanmalydyr. Kitabyň daşky gözelliginiň hem uzak wagt saklanmagyny üpjün etmelidiris. Çünki kitabyň daşy onuň ilkinji özüne çekiji merkezidir.

Kitaphanadan kitap alyp okanyňyzda, kitabyň içinde özüňiz tanap biljek şekilde kiçijek bir kagyz bölejigini galdyrsaňyz, birnäçe ýyldan soňra şol kitaby soranyňyzda ony tanap, özüňizi köne dostuňyza duşan ýaly duýup bilersiňiz.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem ýaş nesle ata Watanyny, il-gününi, ata-enäni päk zähmeti söýmegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserlerdir. Biz şeýle çuňňur many-mazmunly eserleri okap, öwrenip, eserlerde gelýän täsirli maglumatlary öz işlerimizde we wagyz-nesihat çärelerimizde giňden wagyz edýäris. Kitaplar hakyky edep-terbiýe mekdebidir.

Zöhre NAZARGELDIÝEWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu