Halkymyzyň maşgala gatnaşyklarynda asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklarda gaýyn-gelin hormaty esasy orunda durýar. Çünki her bir maşgalanyň agzybir, asuda, abadan bolmagynda gaýyn enäniň we gelniň hyzmaty, olaryň birek-birege garaýşy, hormat-sarpasy iň bir wajyp meseleleriň biridir.
Biz biri-birimiziň garaýyşlarymyza hormat goýmagy başarmaly. Gaýyn-gelin gatnaşyklarynda hem şu maksatdan ugur alyp, bir-biregiň pikirini diňlemegi, maşgalada ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmagy başarmaly.
Söýgi – mukaddes duýgy. Söýýän ýürekler durmuşda hemme kynçylyklara döz gelip bilýär. Ýöne maşgala gurmak üçin bir-birege hormat, ynam, sylag-sarpa hem gerek. Maşgala – kiçijik bir döwlet. Onda her kimiň öz orny, ýerine ýetirmeli wezipeleri, borçlary bolýar. Haçan-da gaýynene bilen gatnaşyklar sazlaşykly berjaý edilende, maşgala abadan bolar.
Gyza ejesiniň beren terbiýesi durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaga ýardam edýän bolsa, durmuş gurup, gelin bolup gelen öýüne goşulyp-garylyp gitmeginde, şol maşgalanyň edim-gylymlaryny, maşgala agzalarynyň häsiýetlerini öwrenip, durmuşda duş gelýän kynçylyklardan baş alyp çykmakda, dürli ýüze çykýan meseleleri çözmekde gaýynenäniň öwütleri, wesýetleri durmuş terbiýesi uly goltgy berýär. Gaýynenäniň gelnini öz gyzy ýaly görmegi, gelini bagtly edýär.
Selbi KAHAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.