SliderŽurnalistiň sahypasy

Aşgabat – sebitde döredijilik şäherleriniň toruna giren ilkinji şäher

07-11-2023 / 13

Aşgabat ata Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň merkezidir. Şu jähetden alanymyzda, Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi möhüm ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şoňa görä-de, ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi çuňňur mana eýedir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.

ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilendir we häzirki döwürde ol dünýäniň 180 sany şäheri özünde jemleýär.  Bu  toruň maksady – dünýäniň şäherleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden we tejribe alyşmalary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Bu tora Aşgabat şäheriniň goşulmagy onuň uly dizaýn mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, dizaýnerleriň başlangyçlaryny geljekde has-da ilerletmäge, halkara derejede döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Aşgabat ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulan ilkinji şäherdir, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora «Dizaýn» ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir.

Aýjemal JAPAROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu