«Report.az» saýtynyň habar bermegine görä, Azerbaýjan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň zähmet ministrleriniň V maslahaty şu ýylyň 21 – 23-nji noýabry aralygynda Bakunyň kongres-merkezinde geçiriler.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň zähmet ministrleriniň maslahaty zähmet, iş üpjünçiligi we sosial gorag pudagynda guramanyň agzalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu halkara guramanyň 1969-njy ýylda esaslandyrylandygyny bellemek gerek. Onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Şu güne çenli dünýäniň 57 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Birnäçe ýurtlar we iri guramalar, şol sanda BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi bu guramada synçynyň derejesine eýedir.
Gunça HEMDEMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.