Halkymyzyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy bedewlerimize goýulýan sarpanyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplanýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan bu döwrebap athana munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki zaman athananyň umumy eýeleýän meýdany 15,4 gektar bolup, onuň düzüminde dolandyryş, bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinariýa binalary, höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, höwür atlaryň 60-sy üçin bir sany athana hem-de atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si, iým üçin ýapyk ammar we beýleki degişli desgalar bina edildi. Desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Güýz günlerinde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Bu ýerleriň tebigy özboluşlylygy we dag howasy güýz günleriniň tenekarlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Şunuň ýaly tebigy aýratynlyklar, dagyň özboluşly howa gurşawy, çeşme suwlaryndan gözbaş alyp, “Altyýap”, “Sekizýap” diýlip atlandyrylýan dury suwly akabalar ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hut şu künjekde taryhyň dowamynda dünýä meşhur bolan, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ösdürilip ýetişdirilipdir. Häzirki döwürde bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny, Aba Annaýew adyndaky atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny we döwrebap taslama bolan Arkadag şäherini öz içine alýan dünýä nusgalyk gurşaw emele geldi.
Hormatly Prezidentimiz täze athana toplumynyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen bilelikde guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi atçylygyň nesil dowamyny ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant bolar.
Näzli AŞYROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.