Bilşimiz ýaly, TÜRKSOY guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew I Halkara teatr festiwalyna bagyşlanan metbugat maslahatynda eden çykyşynda TÜRKSOY-yň II Halkara teatr festiwalynyň Aşgabatda geçiriljekdigi barada habar beripdi.
Türki dünýäsiniň teatr işgärlerini birleşdirmek festiwalyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwalyna özleriniň iň gowy sahna eserlerini görkezjek alty ýurtdan toparlar gatnaşypdy. Olar diňe bir hünärmenler däl, eýsem, ýönekeý tomaşaçylar üçin hem gyzykly bolar.
Ýatlap geçsek, TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwaly şu ýylyň 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Şuşa we Baku şäherlerinde geçirildi. Festiwal azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna, Şuşa şäheriniň 2023-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, Azerbaýjanyň professional milli teatrynyň 150 ýyllygyna we TÜRKSOY-yň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Şeýle-de Şuşa şäherinde festiwalyň çäklerinde TÜRKSOY-yň agza döwletleriniň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylar Geňeşiniň 9-njy mejlisi hem geçirildi.
Nurtäç ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat howpsuzlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.