4-nji noýabrda ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynda hem güýzki ählihalk bag ekişlik çäresi geçirildi.
Welaýatymyz boýunça esasy çäreler Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde geçirildi. Bu ýerde 10 gektar meýdanda pürli daragtlaryň dürli görnüşleriniň 4000 düýbi oturdyldy.
Ýeri gelende aýtsak, şu bag ekişlik möwsüminde welaýatymyzyň çäginde tut agaçlarynyň 70 müňe golaýyny oturtmak meýilleşdirilýär. Ondan başga-da pürli daragtlaryň dürli görnüşleriniň 20 müňden gowragy oturdylar.
Bu işe beýleki ildeşlerimiz bilen bir hatarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem işjeň gatnaşdylar. Şeýle sogaply we ekologiýa taýdan bähbitli çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa ählimizi begendirýär.
Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.