Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri ulgamynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň baş müdiri Audrey Azoulay tarapyndan bellenen täze şäherler, ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ösdürmäge bolan ygrarlylygy, adamlary merkezleşdiren şäher meýilnamasynyň innowasion usullaryny görkezmegi bilen tanalýar.
Iň soňky goşmaçalar bilen tor häzirki wagtda ýüzden gowrak ýurtda 350 sany şäheri öz içine alýar. Bu sanaw öz içine senetçilik we halk döredijiligi, dizaýn, kino, gastronomiýa, edebiýat, metbugat sungaty we aýdym-saz ýaly döredijilik ugurlaryny öz içine alýar. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň “Döredijilik şäherleri” sanawyna “Dizaýn” ugry boýunça girendigini bellemek gerek.
Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.