Siziň üçin...Slider

Ýagşylyga tarap…

01-11-2023 / 5

Ýagşy arzuwda ýaşamak adamyň tebigatyna mahsusdyr. Atalarymyz “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” diýipdirler. Her bir şahsyýet durmuş maksatlaryny ukypdyr başarnyklaryna görä meýilleşdirmeli we olaryň hasyl bolmagy üçin çyn ýürekden yhlas etmeli. Maksada okgunly bolmaly we bilim derejäňi yzygiderli kämilleşdirip, özüňe bildirilen ynamy ak ýürekden ýerine ýetirmeli. Her bir işde halallyk bolmaly. Arzuwlaryň hasyl bolmagy seniň şüküriňe hem-de sabryňa bagly. Ýöne ynsan hiç bir ýagdaýda hem ruhdan düşmeli däldir, erjel we tutanýerli bolmalydyr.  Ata-babalarymyz şu durmuş hakykatlaryny göz öňünde tutup, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýen bolmaly. Maksat tutunmaly, ýöne hiç haçan ýagşy umytsyz ýaşamaly däl.

Durmuşda her bir ýaş oglan-gyz ýokary mekdebe okuwa girmek üçin orta mekdepde bilim alýan döwründen şahsy mümkinçiliklerinden ugur alyp, geljekde öz höwes edip zähmet çekip biläýjek ugruny kesgitlemegi başarmaly. Maksadyna ýetmek üçin hem degişli okuw mekdebiniň synag tabşyrylýan dersleri boýunça ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bilimini ýyllaryň dowamynda üznüksiz artdyrmaly.

Eger-de geljekde okuwyny dowam etdirmäge höwesi bolmadyk ýaşlar öz ukyplaryna we başarnyklaryna laýyklykda yhlasly zähmet çekip biläýjek hünärini saýlamagyň hötdesinden gelmeli. Çekýän zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, olar ýörite hünär okuw mekdeplerinde ýa-da gysga möhletli okuwlarda öz bilimlerini artdyryp hem bilerler.

Her bir ynsan öz ömrüni ýagşy umytlara baglap, il-güniň berekellasyny almaga çalyşmaly. Halkymyzda “Altyn alma – alkyş al” diýen pähim bar. Ynsan ömrüni jemgyýete, dost-ýarlaryna, il-gününe, Watanyna bagyş etmeli. Her halatda jemgyýetçilik bähbitlerini elmydama ileri tutmaly. Halk arasynda “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn” diýen pähim bar. Diňe şeýle çemeleşme şahsy hem-de jemgyýetçilik bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün edýär. Netijede her bir ynsan durmuşyň lezzetini görüp ýaşaýar, senden hem adamlaryň göwni hoş bolýar.

Merjen ORAZBERDIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu