Bu günki gün çagalaryň durmuşyny oýnawaçsyz ýa-da gurjaksyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Olaryň arasynda diňe çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem söýgüsini gazanan ýumşak oýnawaçlar aýratyn orna eýedir. Aslynda çagalar üçin bu oýnawaçlaryň döreýşi hem gyzykly bolsa gerek.
Ýumşak oýnawaçlaryň döreýşi barada dürli-dürli maglumatlar bar. Olaryň Germaniýada we Amerikada dörändigi bilen bagly maglumatlar has giň ýaýrandyr. Eger Germaniýada dörändigi baradaky maglumatlaryň taryhyna salgylansak, onda ýumşak oýunjaklar öz gözbaşyny kiçijik nemes şäherçesi bolan Gingenden alyp gaýdýandyr. Bu şäherçede Margaret Ştaýt atly gyzjagaz ýaşapdyr. Onuň aýaklary ysmaz bolupdyr. Şonuň üçin hem ol, köplenç, oturan ýerinde güýmenmeli bolupdyr. Margaret mata galyndylaryndan oýnawaç tikmegi we olary çagalara sowgat edip, begendirmegi halapdyr. Onuň döredýän täsinje, özboluşly oýnawaçlary bu şäherçäniň çagalarynyň arasynda tiz wagtda meşhurlyga eýe bolupdyr. Ata-enesi gyzynyň bu ukybyna guwanyp, oňa tikinçilik ussahanasyny açyp beripdirler. Margaretiň kiçijik ussahanasy soňlugy bilen giňelip, maşgala telekeçiligine öwrülipdir. Zehinli gyzjagaza aýyjygy ýasamak baradaky teklibi orta atan onuň ýegeni Rihard Ştaýt bolupdyr. Ýagny 1902-nji ýylda Ştaýtyň eskizi boýunça ilkinji ýumşak aýyjyklar döräpdir. Bu eýjejik aýyjyklar Leýpsig şäherinde geçirilen halkara ýarmarka gatnaşan amerikaly myhmanlarda uly gyzyklanma döredipdir. Şol sergide bu oýnawaç baýraga eýe bolupdyr.
Amerikadan gelen işewürler bu fabrige oýnawaçlaryň uly toplumyny buýrupdyrlar. Az wagtdan şöhratly aýyjyklar dünýä ýüzüne ýaýrap ugrapdyr. 1914-nji ýylda bu oýnawaçlar Angliýada hem öndürilip başlanypdyr. Angliýanyň aýyjyklaryň üçünji watany hasaplanylýandygyny biziň hemmämize malim bolsa gerek. 1926-njy ýylda bolsa Alan Miln aýyjyklary has-da şöhratlandyrypdyr, ýagny aýyjyklara bagyşlap «Winni Puh» eserini döredipdir. Bu eseriň multfilmiň üsti bilen çagalara ýetirilmegi bolsa aýyjyklaryň şöhratyny has-da artdyrypdyr. Netijede, bu aýyjyklar her bir çaganyň islegli oýnawajyna öwrülipdir.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.