SliderTehnologiýa

Tehnologiýa täzeliklerinden

30-10-2023 / 22

Täze wersiýasy hödürlener

Täze hödürlenjek Xiaomi 14 Pro-nyň aýratynlyklary barada maglumatlar habar berilýär. Smartfon ýakyn günlerde alyjylara hödürlenip, “Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3” prosessori bilen işlär. Enjamyň kamerasy 1 dýuýmlyk Sony IMX989 datçigini we Leica Summilux obýektiwlerini alar.

Enjam Dolby Vision Atmos-a, Hi-Res-e we Hi-Res Wireless Audio goldaw berer. Geljekki flagman ozalky Xiaomi 13 Pro-dan tozandan we suwdan goraýyş IP68 derejesini hem saklar. Täze Xiaomi smartfonlary Qualcomm kompaniýasynyň konferensiýasyndan soň mälim ediler.

Dört model girer: Xiaomi 14, Xiaomi 14 Pro we Xiaomi 14 Ultra. Smartfonlaryň global wersiýalary 2024-nji ýylyň başyna çenli çykar. Şeýle hem geçen hepde Xiaomi-niň haýsy enjamlarynyň HyperOS-a çenli täzelenjekdigi belli boldy.

AI tehnologiýasynyň üstünde işleýär

Döredijilikli emeli aň — gönükdirmä jogap hökmünde teksti, şekili ýa-da beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny döredip bilýän ulgamyň bir görnüşidir. Apple ähli enjamlaryna we hyzmatlaryna doly giriziler.

Apple kompaniýasy birnäçe ýyl bäri döredijilikli AI tehnologiýasynyň üstünde işleýär. Häzirki wagtda Ajax atly uly dil modelini döretdi we işleýşini barlamak üçin içerki Apple GPT çat-botuny işe girizdi. Nobatdaky ädim, tehnologiýanyň bäsdeşleriň talaplaryna laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini kesgitlemek hem-de ony öz önümleriňizde ulanmakdyr.

Şeýle-de kompaniýa emeli aň pudagyndaky gözleglere ýylda 1 milliard dollar sarp etmegi maksat edinýär.

Seýran ÇARYÝAROW,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu