Siziň üçin...Slider

Mukama siňen ömür

Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygyna

29-10-2023 / 4

1940 — 1983-nji ýyllarda ýaşap geçen Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow türkmen saz sungatynyň ösmegine we dünýädäki abraýynyň artmagyna saldamly goşant goşdy. Diňe bir türkmen topragynda däl, eýsem, tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda ýurdumyzda «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň geçirilmegi onuň aýdyň beýanydyr.

Festiwalynyň jemleýji gününde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň teatry sahnasynda ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti boldy. M.Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor, solistler we halk saz gurallary orkestri Nury Halmämmedowyň milli kinofilmlere ýazan meşhur eserlerini ýerine ýetirdi. Hatyra konserte Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle hem ozal türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýalary geçmişi küýsedýän äheň berdi.

Saz ussady galdyran ýazgylarynda kinokartinalaryň 16-syna saz döredendigini agzapdyr. «Türkmenistan» atly bäş bölümden ybarat simfoniki kartina, üç bölümden durýan simfoniýa eserini, «Aýgytly ädim» filminiň sazy esasynda sýuita we başga-da birnäçe saz eserlerini ýazandygyny nygtapdyr. 14 ýylyň içinde 16 sany uly göwrümli kino eserine, ençeme ownukly-irili kartinalara saz döretmek her bir ylhamly adamdan uly döredijilik gözleglerini talap edýär. Şol 16-lygyň içinde türkmen halkyny dünýä ýüzüne tanadan «Aýgytly ädim», «Şükür bagşy», «Keçpelek», «Mukamyň syry» ýaly filmleriň ençemesi bar. Bularyň üstüni «Japbaklar», «Kärizgenler», «Gorkak batyr», «Magtymguly», «Atabaýew» ýaly çeper filmler bilen ýetirilse welin, iň oňat, iň ýatda galyjy filmleriň sazyny ýazan ussada baş egeniňi duýman galarsyň.

Öz erkini ýeňip, basa oturyp işlän, ençeme dünýä belli saz eserlerini döreden meşhur kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, SSSR Döwlet baýragynyň eýesi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň iki gezek laureaty Nury Halmämmedowa agyr keselini ýeňmek welin başartmaýar. Ol bary-ýogy 45 ýaşap bakyýete göç eýleýär. Meşhur saz ägirdi bu günki günde ýadygärlik galdyran eserleri bilen 85 ýaşady.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny dowam edýän dörediji ýaşlar milli ruhy we aňy beýan hem-de dowam edijilerdir. Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýaşlar döredijilik toparlarynyň kaşaň konserti hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Arzygül AKMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu