Ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.
Alabaý hemişe-de halkymyzyň wepaly dosty, gaýduwsyzlyk, mertlik, batyrgaýlyk ýaly asylly häsiýetleri özünde jemleýän ynamdar goragçysy hasaplanypdyr. Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşideninden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda gyzykly maglumatlar anyk deliller arkaly beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň seçilip alynmagy tötänden däldir. Türkmen alabaýynyň döreýşi halkymyzyň gelip çykyşy, taryhy kökleri bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda milli itşynaslygyň döwrebap düzümi kemala geldi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň tertipnamasy tassyklanyldy. Munuň yzysüre, ýagny şol ýylyň 7-nji maýynda assosiasiýanyň birinji mejlisi geçirildi. Şu ýylyň 27-nji oktýabrynda bolsa Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçirilýär.
Tahyr ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.