Habarlar

ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

29-10-2023 / 5020

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar girdi.

Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir.

Şu gezekki Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýeti Albukerke muzeýine baryp gördi we bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdy.

Medeni çäräniň ilkinji gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary Albukerkäniň Nýu-Meksiko uniwersitetine baryp gördüler we bu bilim ojagy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara tejribe alyşmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Forumyň dowamynda amerikan tarapyndan şahyr we Nýu-Meksiko ştatynyň senatynyň agzasy Uilýam O,Neil çykyş etdi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip, şeýle möhüm ähmiýetli çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Maslahatyň barşynda türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen eserleriniň tanyşdyrylyşy boldy.

24-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Albukerke şäheriniň häkimi Timoti Keller bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda doganlaşan şäherler bolan Albukerkäniň we Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda, aýratyn-da, medeni ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň “Kiwa Auditorium” zalynda bolan konserti Medeniýet günleriniň jemleýji çäresine öwrüldi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu