«Xiaomi» Hytaýda uly tanyşdyryş dabarasyny geçirip, onda 14-nji seriýa degişli täze flagman smartfonlaryny hödürledi. Bu barada «gazeta.ru» habar berýär.
«Xiaomi 14 Pro» täzelenme tizligi 120 Hz, QHD+ durulykly we 3000 nite çenli ýagtylygy bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. Öz gezeginde, «Xiaomi 14» hem-de «14 Pro» bilen birmeňzeş täzeleniş tizligi we ýagtylygy bolan has kiçi göwrümli 6,4 dýuýmlyk ekrana eýedir.
Iki smartfonda hem «Snapdragon 8 Gen 3» prosessory ornaşdyrylandyr. Şol bir wagtyň özünde-de, «14 Pro» -nyň operatiw ýady 12 GB-dan 16 GB-a çenli, esasy modeliňki bolsa 8 GB-den 16 GB-a çenli bolup biler. Enjamlaryň hemişelik ýat modullary birmeňzeş: 256 GB-dan 1 TB-a çenlidir.
«Xiaomi 14» we «14 Pro» 50 MP-lik esasy kamera, şeýle hem şol bir ölçegli ultra giň burçly obýektiw we teleobýektiw bilen üpjün edilendir. Diňe esasy linzalaryň dykyzlygy tapawutlanýar: «Xiaomi 14» -de ol statik häsiýete, «14 Pro» -da bolsa üýtgeýän häsiýete eýe.
Uly modelde 120 Wt çenli simli zarýad beriji we 50 Wt çenli simsiz zarýad beriji goldawy bilen 4880 mAs akkumulýator ornaşdyryldy. Kiçi model bolsa 4610 mAs akkumulýator, 90 Wt çenli simli zarýad beriji we 50 Wt çenli simsiz zarýad beriji bilen üpjün edildi.
«Xiaomi 14» we «14 Pro» «Hyper OS» operasion ulgamy ornaşdyrylan ilkinji smartfonlar boldy.
Sylapberdi HANDURDYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.