Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda nobatdaky tapgyrda futbol muşdaklaryna biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar.
Şu öňümizdäki 3 günüň dowamynda oýnaljak täze tapgyryň duşuşyklarynda iň köp ünsi çekýän oýun «El Klasiko» duşuşygydyr. 28-nji oktýabrda oýnalan «Real Madrid» – «Barselona» duşuşygy 2-1 hasabynda jemlendi. Bu duşuşyk iki toparyň arasyndaky 255-nji resmi, umumylykda-da 297-nji «El Klasiko» bolandyr.
Resmi oýunlara seredenimizde, «Real Madridiň» 102 täze ýeňşi bilen 103, «Barselonanyň» 100 ýeňşi bardyr. Iki topar mundan öň «La Liganyň» çäginde 186 gezek duşuşyp, «Realyň» 77, «Barselonanyň» bolsa 74 ýeňşi hasaba alynýar.
Ýekşenbe gününde-de birnäçe duşuşygyň arasyndan esasy 4 sanysy öňe saýlanýar. Angliýanyň Premier Ligasynda «Mançester» derbisinde «Ýunaýted» öz meýdançasynda «Sitini» kabul eder. Iki topar 191-nji gezek özara güýç synanyşarlar. Mundan öňki 190 oýunda «Ýunaýted» 78, «Siti» bolsa 59 oýunda ýeňiş gazandy.
Gaýgysyz ATAJANOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.